Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwistler: Siriýa goşunlary azyndan 20 adamy öldürdi


Aktiwistler howpsuzlyk güýçleri Siriýada ýene azyndan 20 raýaty öldürdi diýýärler. Wepat bolanlaryň 11-siniň Hama sebitindendigi aýdylýar.

Siriýanyň Londonda ýerleşýän Adam hukuklary obzerwatoriýasynyň beýanatynda goşunlaryň üç günlük umumy iş taşlaýyşdan soň Hama tanklara duwlanyp zabt edendigi aýdylýar. Bu şäher merkezindäki uly protestleri ýatyrmak üçin awgust aýynda edilen tankly hüjümden bäri ilkinji şeýle çäredir.

Režime garşy söweşijiler şäheriň içindäki köprüde müňzäp gelýän goşunlary duruzmaga synandylar, bronly harby maşynlaryň ikisiniň hatardan çykarylandygy aýdylýar.

BMG Siriýada prezident Başar al-Asadyň režimine garşy turan halk gozgalaňynyň dokuz aýynda 5 müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG