Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylda 550 palestin tussagy azatlyga çykaryldy


Ysraýylda 550 palestin tussagy azatlyga çykaryldy. Bu HAMAS palestin radikal topary bilen öň gelnen ylalaşyk esasynda tussaglary boşatmagyň ikinji hem tamamlaýjy tapgyrydyr.

HAMAS topary ysraýyl harby gullukçysy Gilad Şalidi Gaza sektorynda bäş ýyl gowrak wagtlap zamunlykda saklapdy.

Şalit iki aý mundan öň bir müň gowrak palestin tussagyny boşatmak şerti bilen azatlyga çykaryldy. Tussaglaryň ýary töweregi Şalit bilen bir wagtda boşadylypdy.

Ysraýyl häkimiýetleri bazar güni azatlyga çykarylan palestinlileriň arasynda terroristik işde aýyplanyp basylan söweşijiniň ýokdugyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG