Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň günbatarynda ölenleriň sany artýar


Gazagystanyň günbatarynda anna we şenbe günleri bolan bidüzgünçiliklerde ölenleriň sany artýar.

Baş prokuraturanyň maglumatyna görä, olaryň sany 15 adama etipdir. 14 adam Žanaozende, ýene biri goňşy Şetpe posýologynda, demirýol stansiýasynda ölüpdir. Demirýoly ýapmaga synanyşan adamlary polisiýa oka tutupdyr.

Onlarça ýaralananlar hem saklananlar barada habar berilýär. Adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatyna görä, ölenleriň sany resmi yglan edilenden juda köp, ýöne ony garaşsyz çeşmelere tassyklatmak häzir başartmaýar.

Žanaozende komendant sagady girizilip, ony bozanlardan 60 töweregi adam tussag edilipdir.
XS
SM
MD
LG