Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pan Gi Mun Müsürdäki zorluklary ýazgardy


BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Müsürde protest aksiýalaryna gatnaşyjylar bilen bagly howpsuzlyk güýçleriniň zorluk ulanmagyny ýazgardy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Müsürde dowam edýän zorluklara alada bildirdi. Klinton beýannamasynda ýurduň raýatlarynyň söz we mitingler azatlygyny goşmak bilen, köptaraply hukuklaryna hormat goýmaga, olary goramaga howpsuzlyk güýçlerini çagyrdy.

Kairde soňky üç gün bäri dowam edýän demonstrasiýalaryň gidişinde bärsinden 10 adam heläk boldy. Protestçileri harby gullukçylaryň taýak bilen urma faktlary hasaba alyndy.

Protestçiler harby ýolbaşçylygyň eglenmezden häkimiýetden çekilmegini talap edýärler. Harbylar şu ýylyň fewralynda prezident Hosni Mubarek wezipeden çetleşirilensoň häkimiýet başyna gelipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG