Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskde Ukrainanyň aýallar hereketiniň aktiwistleri masgaralandy


Belarus häkimiýetleriniň syýasatyna garşy protest aksiýasyndan soň saklanan Ukrainanyň “Femen” aýallar hereketiniň aktiwistleri Belarusyň kanun goraýjy organlarynyň işgärleri tarapyndan masgaralama sezewar edildi.

Azatlyk Radiosynyň belarus gullugynyň beren habaryna görä, “Femen” hereketiniň liderleriniň biri Anna Gusaly we saklanan ýene üç gyzy tokaýa eltip, üstlerine ýag guýupdyrlar, otlajakdyklary bilen haýbat atyp, saçlaryny pyçak bilen kesipdirler. Onuň yzyndan olary ýalaňaçlygyna Gomeliň tokaýyna eltip taşlapdyrlar.

Bu wakany häzirlikçe belarus häkimiýetleri kommentirlemedi.

Ukrainanyň DIM-niň wekili Aleksandr Dikusarow Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna şeýle diýdi:

— Ýagdaýyň näderejede çynlakaýdygyny ýerinde biziň konsulymyz anyklar. Eger gerek bolsa, ol ukrain graždanlaryna hökman kömek berer. Ondanam başga, ol ýerdäki adamlaryň raýatlyk ýagdaýyny anyklar, şondan soň olary watanyna ugratmak meselesi çözüler.
XS
SM
MD
LG