Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HAEG-niň inspektorlary indiki ýyl Tährana sapar eder


Halkara atom energiýasy gullugynyň inspektorlarynyň Tährana saparynyň wagtyny anyklamak üçin, Eýranyň bu guramadaky wekili Ali Aşgar Soltaniýe bilen inspektorlar toparynyň ýolbaşçysy German Nakerts ýanwar aýynyň başynda duşuşar diýip, Soltaniýe salgylanmak bilen “Frans-press” agentligi habar berdi.

Soltaniýeniň sözlerine görä, öz ýadro programmasynyň parahatçylykly häsiýetini görkezmek üçin, Eýran HAEG bilen hyzmatdaşlyk etmekçi.

Şu hepde agentligiň inspektorlaryna Eýranyň eden täze çakylygyny günbatarly diplomatlar ynamsyzlyk bilen kabul etdiler.

HAEG-niň soňky çap eden dokladynda Eýranyň ýadro ýaragyny işläp düzýän bolmagynyň mümkindigi aýdylýardy.

Doklad çap edilenden soň ABŞ we ÝB ýurtlary Eýrana garşy sansiýalary güýçlendirdiler.
XS
SM
MD
LG