Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: “haýbata haýbat bilen jogap bereris”


ABŞ Ormuz bogazynda döräp biljek islendik bökdençlik bilen “ylalaşmajakdygyny” mälim edensoň, Eýran “biz haýbatlara diňe haýbat bilen jogap bereris” diýip, gaýtargy berdi. Muny düýn Eýranyň rewolýusiýa sakçylarynyň korpus komandiri Hossein Salami aýtdy.

Ormuz bogazy Ýakyn Gündogaryň nebitini dünýä bazarlaryna çykarmak üçin esasy ýol-geçelge hökmünde ulanylýar.

Mundan öň, Eýranyň wise-prezidenti Mohammed-Reza Rahimi Tähranyň nebit eksportyna garşy halkara sanksiýalar girizilse, onda Ormuz bogazyndan “ýekeje damja-da nebitiň” geçirilmejekdigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG