Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arap Ligasynyň täze synçylary Siriýa barýar


Arap Ligasynyň täze synçylar toparynyň Siriýa barjakdygyny guramanyň wekili yglan etdi.

Häzir bu guramanyň 100 çemesi synçylary Siriýada. Olar Siriýanyň şäherlerindäki ýagdaýlara baha bermäge synanyşýarlar. Şol şäherlerde hökümet güýçleriniň we prezident Başar al-Assadyň režiminiň garşydaşlarynyň arasynda çaknyşyklar dowam edýär.

Siriýanyň günortasyndaky Deraa şäherine baran synçylaryň arasynda mergenleriň sany boýunça oňşuksyzlyk emele geldi. Käbir maglumatlara görä, bu ýagdaý köpçülikleýin proteste çykanlara garşy ot açmak üçin häkimiýet jaýlarynyň üçeginde ýerleşdirilen mergenleriň sany bilen bagly.

Mundan başga-da, Siriýanyň oppozisiýa wekilleri Arap Ligasynyň missiýasyna sudanly general Muhammet al-Dabiniň ýolbaşçylyk etmeginden nägile. Şol general adam hukuklaryny köpçülikleýin bozanlykda Halkara sudy tarapyndan aýyplanan Sudanyň prezidenti Omar Beşire hyzmat edipdir.

Arap Ligasynyň döreden arap parlamenti bolsa Siriýadaky synçylary haýal etmezden yzyna çykarmaga çagyrýar. 88 agzaly arap parlamentiniň beýannamasyna görä, prezident Başar al-Assadyň režimi ýurtda synçylaryň bardygyna garamazdan, hökümetiň garşydaşlaryny öldürmäge dowam edýär.

Aktiwistleriň berýän habaryna görä, geçen sişenbe güni 100 çemesi synçy Siriýada bir aýlyk missiýasyna başlany bäri ýurtda 150-den gowrak adam öldürilipdir.

Arap parlamentiniň düzümine Arap Ligasyna agza döwletleriň milli parlamentiniň wekilleri girýär.
XS
SM
MD
LG