Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl bilen Palestinanyň wekilleri duşuşýarlar


Bir ýyldan gowrak wagtdan soň, şu gün Ysraýylyň we Palestinanyň wekilleri duşuşýarlar.

Iordaniýanyň paýtagty Ammanda Ysraýylyň premýer-ministriniň ýörite wekili Ishak Molho we Palestinanyň wekili Saýeda Erekat resmi bolmadyk gepleşik geçirer. Duşuşyk “Ýakyn Gündogar kwarteti” atly halkara araçylaryň duşuşygynyň çäginde geçer.

Palestinalylar, öňkiler ýaly ýaraşyk gepleşikleriniň başlanmagy üçin, Ysraýylyň Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky we gündogar Ierusalimdäki gurluşyklaryny togtatmagyny talap edýärler.

Ysraýyl bolsa gepleşiklere hiç hili şert goýmazdan başlamalydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG