Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýada täze ýylyň başyndan iş taşlaýyş başlandy


Duşenbe güni Gresiýada 2012-nji ýyldaky ilkinji iş taşlaýyş boldy. Ony medisina işgärleri gurnadylar.

Medisina işgärleri hökümetiň saglygy saklaýyş pudagynda amala aşyrmak isleýän reformalaryna närazylyk bildirýärler. Şol reformalar planynda iş orunlaryny kemeltmek, dermanlaryň bahasyny arzanlatmak we başga çäreler göz öňünde tutulýar.

Emma keselhana we dermanhana işgärleri şeýle reformalaryň özleri üçin zyýanlydygyny aýdýarlar.

Agyr bergi krizisini başdan geçirýän Gresiýada geçen ýyl hem onlarça iş taşlaýyş boldy.
XS
SM
MD
LG