Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ysraýyl we Palestina gepleşiklere başlamak barada ylalaşdy


Şu gün Ysraýylyň we Palestinanyň resmileri bir ýyldan gowrak böwşeňikden soň, Iordanda täzeden ýüzbe-ýüz parahatçylyk gepleşiklerine başlamak barada ylalaşyga geldiler.

Iordanyň Amman şäherinde başlanjak şu günki ilkinji gepleşik Ysraýylyň araçyl wekili Ýitzak Molço bilen Palestinanyň araçyl wekili Saeb Erakatyň arasynda geçer.

Bu gepleşik bilen bir wagtda Amman şäherinde Ýakyn Gündogar kwartetine girýän Ýewropa Bileleşiginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň, Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň wekilleri-de regionyň parahatçylyk meselesi barada maslahat geçirýärler.

Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleri 2010-njy ýylyň sentýabrynda togtapdy.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG