Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Müsürdäki ýagdaýlara alada bildirýär


ABŞ Müsüriň häkimiýetleriniň bu ýurtda işleýän hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen bagly dawany çözüp bilmeýändiklerine aladalanýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland emele gelen ýagdaýyň “kabul ederliksizdigini” aýtdy.

“Görnüşi ýaly, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň işgärlerine garşy soňky repressiýalary Hosni Mubaregiň egindeşleri gurnaýar. Olar şeýle gurluşlaryň demokratik jemgyýetde hereket edýändigini göz öňüne getirip hem bilmeýärler” diýip, Nuland aýtdy.

Geçen aýyň ahyrlarynda Müsüriň polisiýasy hökümete degişli bolmadyk guramalaryň Kairdäki jaýynda reýd geçirdi.
XS
SM
MD
LG