Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň hökümeti ganly partlama üçin çäre görmekçi


Şu gün Siriýanyň hökümeti anna güni Damask şäherinde 26 adamyň ölümine getiren partlamany gurnaýjylara garşy «demir ýumruk» bilen jogap berjekdigini mälim etdi.

Siriýanyň Daşary işler ministrliginiň bu barada ýaýradan beýanatynda «ýurduň howpsuzlygyna kast edýän adamlaryň hemmesine» garşy berk çäreleriň görüljekdigi barada duýduryş berilýär.

Emma Siriýanyň oppozision aktiwistleri şeýle partlamalary hökümetiň özüniň gurnaýandygyny aýdyp, bu wakalarda hökümeti aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG