Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky perzident Muşarraf Pakistana dolanjagyny aýdýar


Pakistanyň ozalky prezidenti Perwez Muşarraf ýanwaryň aýagynda watanyna dolanyp, syýasy işini dowam etdirjegini aýdýar.

Muşarraf bu barada ýekşenbe güni Karaçide miting geçirýän tarapdarlaryna eden wideoýüzlenmesinde aýtdy.

Pakistanyň prokuraturasy ozal Muşarrafyň ýurda gelen badyna tussag ediljegini aýdypdy. Olar öňki prezidenti we onuň güýç gulluklaryny öňki premýer-ministr Benazir Bhuttonyň howpsuzlygyny üpjün edip bilmezlikde aýyplaýarlar. Bhutto 2007-nji ýylda öldürilipdi.

Pakistan metbugaty goşun çeşmelerine salgylanyp, harbylaryň general Muşarrafyň tussag edilmegine ýol bermejegini aýdýar.

Perwez Muşarraf 1999-njy ýylda döwlet agdarylyşygy esasynda häkimiýete gelip, Pakistana 2008-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk edipdi.
XS
SM
MD
LG