Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýewroaziýa ýyldyzlary” Aşgabatda çykyş etdi


Türkmen paýtagtynda “Ýewroaziýanyň ýyldyzlary” atly halkara aýdym-saz bäsleşiginiň nobatdaky konserti boldy. Bu konsertde milli bäsleşiklerde öň saýlanan aýdymçylar çykyş etdiler.

Türki dilli ýurtlaryň ýaş talantlarynyň bäsleşigine Türkmenistandan Söhbet Kasymow gatnaşýar. Ol geçen ýylyň noýabrynda, tomaşaçylaryň ses bermeginde, on aýdymçynyň içinde ýeňiji bolupdy.

Milli bäsleşikler soňlanaly bäri ýaryşa gatnaşyjy ýurtlarda gezek-gezek gezegine halkara bäsleşikleri geçirilýär. Şeýle döredijilik ýaryşlary eýýäm Demirgazyk Kiprde, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Azerbaýjanda we Türkiýede geçirildi.
XS
SM
MD
LG