Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk ministri siriýaly oppozisionerler bilen duşuşdy


Türkiýe Başar al-Assadyň režimi bilen göreşi parahat ýol bilen alyp barmaga Siriýanyň oppozisiýasyna çagyryş etdi. Bu barada Türkiýäniň daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Ahmet Dawutoglunyň siriýaly oppozisionerler bilen Stambulda geçirilen duşuşygynda aýdyldy.

Türkiýe köpçülikleýin protest aksiýalaryna gatnaşyjylaryň garşysyna Siriýanyň häkimiýetleriniň repressiýa ulanmazlygyna birnäçe gezek çagyryş etdi we soňra Damaska garşy sanksiýalara goşuldy.

Şol bir wagtyň özünde Türkiýäniň hökümeti Başar al-Assadyň režimine garşy hereket edýän harby toparlara ýardam bermejekdigini mälim etdi.

Arab Ligasynyň ýörite toparynyň Siriýadaky ýagdaýlara gözegçilik edýändigine garamazdan, ýurtda ýüz berýan ganly çaknyşyklar indi bir ýyl bäri dowam edýär.
XS
SM
MD
LG