Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýadroçy alymyň öldürilmeginiň ýazgarylmagyny soraýar


Eýran BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň we Baş sekretar Pan Gi Munuň eýranly ýadroçy alymyň janyna kast edilmegini ýazgarmagyny sorady.

Eýranyň BMG-däki ilçisi Mohammad Kazaýiniň hatynda “Eýranyň ýadroçy alymlaryny nyşana alýan islendik görnüşdäki syýasy, ykdysady basyşlar ýa terror hüjümleri biziň döwletimiziň öz ýadro programmasy boýunça işlemek hukugyny ulanmagynyň öňüni alyp bilmez” diýilýär.

Kazaýi kast edijileriň ýadroçy alymy alyp barýan maşyny partlatmak üçin mangit bombasyny ulanandyklaryny aýtdy.

BMG-niň sözçüsi Martin Nesirski BMG-niň Eýrandan gowuşýan maglumatlardan habarlydygyny aýtdy we häzir bu barada hiç komment ýok diýdi.
XS
SM
MD
LG