Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Moskwa ABŞ-ny öz söwda kanunyny üýtgetmäge çagyrýar


ABŞ öz sowuk urşy döwründen galan söwda kanunyny üýtgedýänçä, Moskwa Bütindünýä Söwda Guramasynyň çäklerinde Amerika bilen bolan söwda gatnaşyklary boýunça borçnamalaryny berjaý etmez. Bu barada çarşenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow aýtdy.

Lawrowyň sözlerine görä, Moskwa 1974-nji ýylda girizilen “Jekson-Wenik” kanunynyň ýatyrylmagyna garaşýar. Bu kanun 1974-nji ýylda Sowet Soýuzyna basyş görkezmek üçin girizilipdi we ol henizem Orsýetiň söwda gatnaşyklaryny çäklendirip gelýär.

“Biziň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegimiz boýunça ähli degişli resminamalar tassyklanandan soň hem, ‘Jekson-Wenik’ kanuny öz güýjüni saklasa, onda biziň Bütindünýä söwda guramasynyň çäklerinde öz üstümize alan borçnamalarymyz Amerika babatynda berjaý edilmez” diýip, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow nygtady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG