Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň delegasiýasy Aşgabada bardy


19- njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky regional wekilhanasynyň baştutany Iw Arnoldyň baştutanlygyndaky delegasiýa bilen duşuşuk boldy.

Bu duşuşykda Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň mundan beýläk hem netijeli gatnaşyklary, aýratyn-da adam hukuklary, halkara gumanitar hukugy, onuň normalaryny we prinsiplerini milli kanunçylyga girizmek ýaly meseleler üns merkezinde boldy.

Gepleşikleriň netijesinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň regional wekilhanasynyň arasynda özara düşünişmek baradaky memoranduma gol çekildi.
XS
SM
MD
LG