Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-da özbek bosguny terrorçylykda güman edilip, tussag edildi


ABŞ-nyň resmileriniň maglumatyna görä, duşenbe güni Çikagonyň O’Hare aeroportunda 35 ýaşly özbek bosguny terrorçylar bilen baglanyşygy bolandykda aýyplanyp, tussag edilipdir.

Tussag edilen Jamşid Muhtorowyň daşary ýurtdaky bir terrorçy topara goşulmak üçin daşary ýurda çykandygy çaklanylýar.

ABŞ-nyň Adalat departamentiniň beýanatynda özüni Abu Mumun Turkistani diýip atlandyran özbek bosgunynyň Pakistanda ýerleşýan “Yslam Jihadi” birleşiginiň hatarynda söweşmek meýiliniň bolandygynyň çaklanylýandygy aýdylýar.

Bu yslamçy topar Özbegistandaky awtoritar režimi ýok edip, onuň ýerine yslam halyfatyny döretmegi maksat edinýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG