Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

HRW Merkezi Aziýanyň “Arap baharyndan” howatyrlanýandygyny aýdýar


Düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasy 2011-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Azerbaýjanda özge pikirdäkileri yzarlamak we olary basyp ýatyrmak bilen, bu döwletleriň liderleriniň “Arap baharynyň” öz regionlaryna ýaýramagyndan howatyrlanýandyklaryny belleýär.

23-nji ýanwarda BMG-de geçirilen metbugat konferensiýasynda HRW guramasynyň 2011-nji ýyl boýunça hasabaty mynasybetli eden çykyşynda bu toparyň BMG-däki işleri boýunça direktory Filip Bolopion “Arap baharyna” dünýäniň ençeme awtoritar režimleriniň öz raýatlarynyň hukuklaryny depelemek bilen reaksiýa bildirendiklerini aýtdy.

HRW guramasynyň hasabatynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistana dünýäde iň repressiw döwlet diýlip baha berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG