Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda söweşijiler barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm etdiler


Penşenbe güni Pakistanyň Bulujystan welaýatynda ýaragly söweşijiler bir barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm etdiler. Wakada howpsuzlyk işgärlerinden altysy öldi.

Resmileriň maglumatyna görä, bu wakada onlarça söweşiji Dera Bugti etrabyndaky barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm edipdir. Ähli esgerleri öldürenlerinden soň, söweşijiler esgerleriň ýaraglaryny alyp gaçypdyrlar.

Resmiler bu hüjümiň arkasynda ýerli buluç söweşijileriniň durandygyny öňe sürýärler. Buluç söweşijileri syýasy awtonomiýanyň bolmagy, şeýle-de welaýatdan çykarylýan nebitden we gazdan gelýän girdejilerden has köp paý almak ugrunda hereket edýärler.
XS
SM
MD
LG