Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň bilim pudagyna täze standartlar giriziljek


Türkmenistanyň bilim sistemasy indi bilim pudagyna girizilýän ýörite standartlar boýunça öz işini gurnar diýilip, penşenbe güni türkmen metbugatynda ýaýradylan maglumatda aýdylýar.

Prezident G.Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen “Bilim boýunça döwlet ölçegleriniň işlenmeginiň hem tassyklanmagynyň tertibi” atly dokumentde ýurduň Bilim ministrliginiň bilim pudagyna döwlet standartlaryny girizmegi üpjün etmelidigi aýdylýar.

Bilim pudagyna giriziljek täze ölçegleriň öňküsinden näme bilen tapawutlanjakdygy, olaryň nämeden ybaratdygy barada resmi metbugatda häzirlikçe maglumat berilmeýar.
XS
SM
MD
LG