Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesuelanyň prezidenti 2031-nji ýyla çenli oturmakçy


Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawes 2031-nji ýyla çenli häkimiýet başynda galmak isleýär.

57 ýaşly Çawes 13 ýyl bäri Wenesuela baştutanlyk edýär we şu ýylyň oktýabr aýynda boljak saýlawlarda ýene döwlet baştutany wezipesine saýlanmakçy.

Ugo Çawesiň sözlerine görä, özüniň prezidentlik eden ýyllaryndaky ýaly demokratik özgerişleri Wenesuela özüniň bütin taryhynda görmändir.

Prezident saýlawlarynda Çawese oppozisiýadan garşydaş 12-nji fewralda belli bolar.
XS
SM
MD
LG