Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Könürgenç etrabynda täze suw howdanynyň gurluşygyna başlanyldy


Çarşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna saparynyň barşynda welaýatyň Könürgenç etrabynda täze suw howdanynyň gurluşygyna başlanyldy.

Täze suw howdanynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna çarşenbe güni ýerli ýolbaşçylar bilen birlikde prezident G.Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Bu çärede Berdimuhamedow içine ýadygärlik ýazgysy ýazylgy kapsuly howdanyň fundamentiniň düýbüne ýerleşdirdi.

Köp ekologlar Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyny ilat üçin arassa agyz suwunyň ýetmezçilik edýän iň bir kynçylykly regionlarynyň biri hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG