Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagt Aşgabada güýçli sowuk akymy geldi


Aşgabada güýçli sowuk howanyň aralaşandygyny, gije 12-14 dereje sowukdygyny “Regnum” agentligi ýazýar.

Şeýle sowuk soňky gezek türkmen paýtagtynda 2008-nji ýylyň ýanwarynda bolup, howa 16 derejä çenli sowapdy.

Daşoguzda gijesine 19-24 gradus sowugyň bolmagynyň mümkindigini milli howa býurosy çaklaýar.

Türkmenistandaky aşa sowuk howa sebäpli Eýrana berilýän tebigy gazyň möçberiniň 50% azalyp, gündelik akdyrylýan 20 millionyň ýerine 10 million kubometr gazyň eksport edilýändigini Eýranyň “Mehr” agentligine salgylanyp, “Regnum” ýazýar.
XS
SM
MD
LG