Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa: Özbegistanyň üsti bilen ýük daşamak gymmat düşýär


Fransiýanyň goranmak ministri Žerar Lonž penşenbe güni “L’Orient Le Ýur” gazetine beren interwýusynda NATO-nyň Owganystandaky goşunlaryny Özbegistanyň üsti bilen çykarmaklygyň özlerine çakdanaşa gymmat düşýändigini aýtdy.

Ýatladyp geçsek, 2011-nji ýylyň noýabrynda NATO güýçleriniň ýalňyşlyk bilen Pakistanyň 26 sany esgerini ölürmeginiň yzy bilen, ýurduň häkimiýetleri Pakistanyň üstünden Owganystandaky NATO güýçlerine ýük daşalmagyny doňdurypdy.

Edil häzirki wagt NATO güýçlerine daşalýan ýükleriň saldamly bölegi Owganystana Özbegistanyň üsti bilen eltilýär. Indi Owganystandan çykarylýan NATO-nyň harby güýçleri-de, aglaba, Özbegistanyň üsti bilen çykarylyp başlandy.
XS
SM
MD
LG