“Dünýä metbugaty üçin surat” guramasy dünýäniň iň ökde fotožurnalistlerini sylaglady. 2011-njy ýyl üçin saýlanan suratlardan käbirlerini dykgatyňyza hödürleýäris.
2011-nji ýylyň iň gowy metbugat suratlary

1
Ispan fotožurnalisti Samuel Arandanyň düşüren “Arap bahary” atly suraty 2011-nji ýyl boýunça baş baýraga mynasyp boldy. Ol Ýemende bolan protestler mahalynda düşürildi.

2
Bosniýa-Gersogowinadan Damir Sagoliniň Demirgazyk Koreýada düşüren suraty Gündelik durmuş kategoriýasynda birinji ýere mynasyp görüldi.

3
ABŞ-dan Stefani Sinkleýr “Çaga gelinler: durmuşa çykarardan has ýaş” atly suraty üçin baýrak aldy. Gyrmyzy köýnekli ýemenli gyz durmuşa çykanda 6 ýaşyndady.

4
Şwesiýaly Niklas Hammerstrom Norwegiýanyň Utoýa adasyndaky gyrgynçylykdan soň düşüren şu suraty bilen Täzelikler kategoriýasynda baýrak aldy.