Birleşen Ştatlaryň prezidentini öldürmekligi planlaşdyranlykda aýyplanýan özbek raýaty Ulugbek Kodirow anna güni ABŞ-nyň sudunda öz günäsini boýun alyp çykyş etdi.
Hususan-da, 22 ýaşly Ulugbek Kodirow özüniň bu işde Özbegistanyň Yslam Hereketiniň adyndan hereket edendirin diýip hasaplaýandygyny aýtdy.
Kodirowyň sudda aýtmagyna görä, ol özüni “Emir” diýip tanadan we Özbegistanyň Yslam Hereketine degişlidir diýlip çaklanylýan bir adam bilen internet arkaly habarlaşyp, şondan görkezme alypdyr.
Birleşen Ştatlarda wiza möhleti tamamlanandan soň, ol ýerde bikanun ýaşan Özbegistanyň raýaty Ulugbek Kodirow geçen ýylyň tomsunda Birmingham şäheriniň golaýynda ýarag satyn aljak bolanda, tussag edilipdi.

Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok