Birmanyň häkimiýetleri 1-nji aprelde ýurtda geçiriljek parlament saýlawlarynyň aç-açan boljakdygyny aýdýarlar.
Bu barada parlamentiň ýolbaşçysy Şwe Man Ýewropa komissiýasynyň wekili Andris Pibalgs bilen duşuşygynda aýtdy.
Ýewropa komissiýasynyň agzasy Andris Pibalgs Birmanyň prezidenti Teýn Seýn bilen duşuşygynda halkara üzňeliginden çykmaga synanşýan bu ýurda 150 million ýewro karz bermegi wada berdi.
1-nji aprelde Birmada geçiriljek saýlawlara Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Aung San Su Çiniň ýolbaşçylygyndaky oppozision “Demokratiýa üçin milli liga” hem gatnaşmaga ýol berilýär.