Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahreýnde ýörişe çykan demonstrantlar dargadyldy


Bu wakalar ýurtda milli tolgunyşyklaryň başlanmagynyň bir ýyllygynyň öň ýanynda boldy.
Bu wakalar ýurtda milli tolgunyşyklaryň başlanmagynyň bir ýyllygynyň öň ýanynda boldy.
Duşenbe güni Bahreýniň paýtagty Manamada polisiýa “Merjen” meýdançasyna ýygnanan protestçileri dargatmak üçin olara garşy gözden ýaş akdyryjy gaz ulandy.

Müňlerçe adam Manamanyň köçelerine asuda ýörişe çykdylar. Emma olaryň birnäçesi polisiýany daşladylar.

Bu wakalar ýurtda milli tolgunyşyklaryň başlanmagynyň bir ýyllygynyň öň ýanynda boldy.

Geçen ýylyň 14-nji fewralynda aglabasy şaýylar bolan müňlerçe adam köçelere çykdy. Olar beýleki arap döwletlerindäki tolgynyşyklardan ruhlanyp, ýurdy dolandyrýan sünni dinastiýasynyň syýasatyna protest bildirdiler.

Şol demonstrasiýalar wagtynda 35 adam öldi.
XS
SM
MD
LG