Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sarkozi ikinji möhlete prezidentlige dalaş eder


Nikolýa Sarkozi
Nikolýa Sarkozi
15-nji fewralda Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi ikinji möhlete prezidentlige dalaş etjekdigni yglan etdi.

Fransiýanyň milli telekanalynda göni efirde çykyş eden Sarkozi: “Hawa, men dalaşgär” diýdi.

Fransiýada prezidentlik saýlawlarynyň birinji tapgyry 22-nji aprelde geçiriler.

Ýurtda geçirilen pikir soralyşyga görä, Nikolýa Sarkozi Sosialistik partiýadan dalaşgär Fransua Hollandeden öňe saýlanýar.

2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçen Nikolýa Sarkozi işsizligi ýok etmegi söz beripdi. Emma häzir Fransiýada işsizligiň derejesi soňky 12 ýylda iň ýokary derejä – 9,3 prosente ýetdi.
XS
SM
MD
LG