Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda aýallara iş geýimi düzgüni girizilýär


Eýranyň häkimiýetleri 21-nji martdan, parslaryň täze ýylyndan başlap döwlet edaralarynda işleýän aýallara iş geýimi düzgünini girizýär.

Bu geýim milletiň dini we medeni aýratynlyklaryndan ugur alar. Ol esasan mawy we garamtyl çal reňkde bolar.

Häkimiýetleriň aýtmaklaryna görä, iş geýimi düzgünini girizmek barada döwlet edaralarynda işleýän aýallaryň özlerinden teklip gelipdir.

Içeri işler ministriniň orunbasary Alireza Afşar iş geýimini geýmek aýallaryň özleriniň islegine görä bolar diýýär.

Eýrandan gowuşýan maglumatlara görä, häkimiýetler uniwersitetleriň zenan studentlerine hem iş geýimi düzgünini girizmek baradaky mesela gararlar.

Yslam kadalaryna laýyklykda, eýranly aýallar uzyn köýnekli we baş örtgüli gezýärler.
XS
SM
MD
LG