Ýekşenbe güni Siriýada ýurduň hökümeti täze konstitusiýanyň taslamasy boýunça ähliumumy referendum geçirýär.
Konstitusiýa girizilen soňky üýtgetmeleriň hatarynda Siriýada indi ýarym asyra golaý wagt bäri dowam edip gelýän birpartiýalylyk sistemasyny köppartiýalylyk sistemasyna öwürmek baradaky üýtgetme hem bar.
Siriýanyň oppozisiýasy bu konstitusion üýtgetmeleri nobatdaky gözboýagçylyk hasaplap, ýurduň ilatyny bu referendumy boýkotirlemäge çagyrýar we prezident Başar al-Assadyň haýdan-haý wezipeden çekilmegine aýak direýär.
Emma, şeýle-de bolsa, Siriýanyň hökümeti tutuş ýurt boýunça 13 müňden gowrak ses beriş uçastogyny döredip, ýurtda ses berişlikleri ýola goýdy.
Siriýada parahat demonstrasiýaçylara garşy hökümet güýçleriniň yzygiderli ýarag ulanmaklarynyň fonunda şeýle referendumyň geçirilmegini käbir günbatar ýurtlary, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem tankyt etdi.

Ей Ынсан! Китай вакцинасынынг тасир етмеги 50% ден хем аз, онгадам хич хили делил йок
1,000 (müň) manat diýýän unuňyzyň bir kilogramy müň manatmy ýa 100 (ýüz) kilogramy? Ýa bir tonnasymy?