Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Bakuwda ençeme maşgala zor bilen göçürildi


Bakuwyň Baýdak meýdançasynyň golaýyndaky jaýlar ýykylýar, 2011-nji ýylyň 11-nji oktýabry.
Bakuwyň Baýdak meýdançasynyň golaýyndaky jaýlar ýykylýar, 2011-nji ýylyň 11-nji oktýabry.
Çarşenbe güni ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy Azerbaýjanyň Baku şäherinde täze gurulýan konsert zalynyň töwereklerinden ençeme maşgalanyň zor bilen, bikanun ýagdaýda göçürilendigini mälim etdi.

“Human Rights Watch” guramasy bu maşgalalaryň 2012-nji ýylyň maýynda Bakuda geçiriljek “Ýewrowideniýe” aýdym-saz festiwaly üçin täze konsert köşgüni gurmak bilen baglanyşykly göçürilendiklerini aýdýar.

Çarşenbe güni bu barada ýaýradan beýanatynda bu guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa regionlary boýunça wekili Jeýn Bukanan “Azerbaýjanyň hökümeti diňe bir ýaşaýyş jaýlaryny weýran etmän, adamlaryň durmuşyny weýran edýär” diýip nygtapdyr.
XS
SM
MD
LG