Türkmenistanda diňe döwlete degişli telewideniýe bar. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýedi sany telekanal hereket edip, olar döwletiň berk gözegçiligi astynda. Ilat arasynda ýerli telewideniýäniň gepleşiklerine isleg az. Şu sebäpden Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň tas ählisiniň diýen ýaly öýlerinde çanak antennalary bar.
Maglumat teşneligi

1
Soňky döwür NTW+, “Raduga” ýaly tölegli telekanallara hem ilat arasynda islegler artýar.

2
Çanak antennalarynyň bahasynyň elýeterliligi sebäpli, köp öýlerde olaryň azyndan üçüsi bar.

3
Ilatyň aglaba bölegi “Turksat”, “Yamal”, “Hotbird” hemralary arkaly dünýäniň telekanallaryna tomaşa edýärler.

4
Şäher häkimligi 2007-nji ýylda çanak antennalarynyň ýerine kabel telewideniýesini ornaşdyrmaga synanyşypdy.