Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki täjik tussaglarynyň azyndan 10-sy täzeden tussag edildi


Täjigistanyň korrupsiýa garşy göreş boýunça gullugynyň maglumatyna görä, geçen ýylky günä geçişlige düşen tussaglaryň azyndan 10-sy ýene-de tussag edilipdir. Olar türmeden çykarylmaklary üçin para berenlikde aýyplanýarlar.

Korrupsiýa garşy göreş boýunça gullugyň başlygy Fattoh Seýidowyň aýtmagyna görä, geçirilen derňewlerde tussaglaryň günä geçişlige düşmek üçin saglyk ýagdaýlary barada galp dokumentler almak maksady bilen türmäniň resmilerine we lukmanlaryna para berendikleri anyklanypdyr.

Seýidow şol tussaglaryň aglabasynyň öň neşe gaçakçylygy bilen bagly jenaýatlarda aýyplanyp, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilendiklerini sözüne goşýar.

Täjigistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli 2011-nji ýylyň sentýabrynda yglan edilen “Altyn günä geçiş” boýunça 6 müň çemesi bendi tussaglykdan erkinlige goýberilipdi.
XS
SM
MD
LG