Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň nebit eksporty 50% peselip biler


Eýranyň iň esasy nebit ýataklarynyň biriniň ýerleşýän ýeri bolan Harg adasy
Eýranyň iň esasy nebit ýataklarynyň biriniň ýerleşýän ýeri bolan Harg adasy
Energiýa boýunça halkara agentliginiň çarşenbe güni çap eden maglumatyna görä, iýul aýynda, ýagny Ýewropanyň Tährana garşy sanksiýalary doly güýjüne girende, Eýranyň nebit eksporty 50% çemesi peselip biler.

Energiýa boýunça halkara agentligiň berýän maglumatlaryndan çen tutulsa, onda geçen aýda Eýranda çykarylýan nebitiň mukdary 3,38 million barrele deň bolupdyr. Bu soňky üç ýylyň dowamyndaky iň pes görkezijidir. Nebit eksportynyň derejesi hem 2 million barrele çenli pese düşdi. Geçen ýylyň noýabrynda bu san 2,6 million barrele deň bolupdy.

Energiýa boýuça halkara agentliginiň bazar we senagat bölüminiň başlygy Deýwid Faýfeniň aýtmagyna görä, ýewropa sanksiýalarynyň güýje giren halatynda Eýranyň gündelik nebit eksporty 800 müň barrele çenli peseler.

Ýewropa Bileleşigi Eýranyň nebitini satyn almak, daşamak, maliýeleşdirmek we ony ätiýaçlandyrmak boýunça gadagançylygy ýanwar aýynda kabul edipdi. Emma şol ylalaşyklar 1-nji iýuldan güýje girer.

Eýranyň nebit ministri Rusam Kasemi çykyş edip, Energiýa boýunça halkara agentliginiň maglumatlarynyň takyk däldigini, şeýle-de Eýranyň nebit önümçiliginiň we eksportynyň asla peselmändigini aýtdy.

Şeýle-de Kasemi: “Dünýä örän uly we onda köp sanly satyn alyjylar bar” diýip, çykyşynda belläp geçdi. Eýranyň nebit ministri: “Soňky döwürde Tähranyň nebite bolan garaşlylygy göz-görtele peseldi” diýip hem nygtady.

Günorta Koreýa we Hindistan Eýrandan alýan nebitiniň mukdaryny artdyrdylar. Eýranyň Hytaýa iberýän nebiti ýanwar aýynda peselipdi. Emma bu nebitiň bahasy bilen bagly bolup, häzir bu mesele boýunça ylalaşmazlyklar aradan aýryldy.

Günbatar döwletleri sanksiýalaryň, esasan hem nebit eskporty bilen bagly gadagançylyklaryň üsti bilen Tähranyň ýadro gepleşikleri boýunça ylalaşyga gelmegini gazanjak bolýarlar. Käbir döwletler Eýranyň ýadro programmasyna duwlanyp, ýarag öndürmek synanyşygyndan howatyr edýärler.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, 2010-njy ýylda Eýranyň nebit eksporty 73 milliard dollara ýetipdir. Bu görkezijiniň bolsa eýran hökümetiniň gazanan girdejisiniň diňe ýarpysydygy şol maglumatda bellenilýär.
XS
SM
MD
LG