Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howpsuzlyk Geňeşinde Siriýa maslahatlaşylýar


Homs şäheri, 19-njy mart.
Homs şäheri, 19-njy mart.
Sişenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde Siriýa meselesi boýunça beýanatyň taslamasy maslahat edilýär. Bu taslamada ýurtda gandöküşligi bes etmek üçin BMG-niň we Arap Ligasynyň wekili Kofi Annanyň tagallalary babatda Siriýanyň hyzmatdaşlyk etmegine çagyryş edilýär.

Fransiýa tarapyndan hödürlenen bu taslamanyň jikme-jikleri häzirlikçe mälim edilmeýär.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow sişenbe güni eden çykyşynda Annanyň tagallalarynyň tarapyny tutmak bilen, Howpsuzlyk Geňeşiniň beýanatyny ýa-da rezolýusiýasyny Moskwanyň goldamak isleýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, Lawrow şular ýaly islendik beýanatda Siriýanyň režimine ultimatum berlip bilinmejegini sözüne goşdy.

Mundan ozal Orsýet we Hytaý prezident Başar al-Assadyň öz opponentlerini güýç bilen basyp ýatyrmagyny ýazgarýan Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyny kabul etmek boýunça Günbataryň tagallalaryna weto goýupdylar.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Siriýadaky gandöküşlige “çydap bolmajakdygyny” sişenbe güni aýtdy we soňky bir ýylyň dowamynda Siriýadaky bidüzgünçiliklerde BMG-niň hasaby boýunça 8,000*e golaý adamyň ölendigini nygtady.

BMG-niň ozalky Baş sekretary, ýörite wekil Kofi Annan gandöküşligi bes etmek boýunça planynyň töwereginde jemlenmegi Howpsuzlyk Geňeşinden haýyş etdi.

Annanyň teklibi

BMG-niň ozalky Baş sekretary, ýörite wekil Kofi Annan
BMG-niň ozalky Baş sekretary, ýörite wekil Kofi Annan
Annanyň parahatçylyk boýunça teklipleri halk köpçüligine aýan edilmedi. Ýöne media serişdeleriniň maglumatlaryna görä, bu plan bidüzgünçilikleriň soňuna çykmak, gozgalaňlaryň ýüz berýän ýerlerine ynsanperwer kömegini ýetirmek, soňky ýylda tussag edilenleri boşatmak, režime garşy protestleriň tutaşan şäherlerinden howpsuzlyk güýçlerini çykarmak ýaly çäreleri öz içine alýar.

Hepde ahyryndan ozal Annan Assad bilen gepleşik geçirdi, şeýle hem bäş adamdan ybarat ekpertler toparyny gözegçilik missiýasy bilen Siriýa iberdi.

Siriýa režiminiň ýarany we bu ýurda öz ýaraglaryny satýan Orsýet ynsanperwer kömegini ýetirmek üçin günde ot açyşlygy togtatmak we ýaralananlary ewakuasiýa etmek baradaky çagyryşa duşenbe güni goşuldy.

Bu çagyryş Gyzyl Haç guramasynyň Halkara komitetiniň prezidenti Ýakob Kellenberger daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Moskwada duşenbe güni duşuşandan soň edildi.

Gyzyl Haç guramasynyň Halkara komitetiniň sözçüsi Hiçman Hassan bu inisiatiwanyň üstünlik gazanmagynyň Siriýanyň hökümetine baglydygyny duýdurdy:

—Biz gepleşiklerimiziň haçan netije berjegini bilemzok, ýöne biz mümkin boldugyndan geljek iki günüň dowamynda onuň derhal hasyl boljakdygyna uly umyt baglaýarys. Biz ol ýere ynsanperwer kömegini gyssagly ýagdaýda ibermegiň zerurdygyny bilýäris, şol sebäpden hem biz öz inisiatiwamyzy işläp düzdük. Indi, şol inisiatiwalar boýunça Siriýanyň häkimiýetleri we Siriýanyň oppozisiýasy karara gelmeli. Şol sebäpden hem häzir olar biziň esasy gepleşik geçirmeli taraplarymyz bolmagynda galýarlar.

Siriýanyň aktiwistleriniň aýtmaklaryna görä, hökümet goşunlarynyň iki günläp geçiren ýaragly söweşinden soň, Azat Siriýa goşuny sişenbe güni gündogardaky Deir al-Zor şäherinden çykarylypdyr.

Hökümet güýçleriniň Hama we Homs şäherlerinde, şeýle hem golaýdaky Rastan şäherçesinde ýaşaýyş kwartallaryna garşy ot açandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG