Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain lukmanlary Timoşenkonyň hassadygyny boýun aldylar


Şenbe güni Ukrainanyň lukmanlary ýurduň ozalky premýer-ministri, tussaglykdaky Ýuliýa Timoşenko üçin hakykatdanam keselhana bejergisiniň zerurdygyny boýun alyp, beýanat ýaýratdylar.

Şu günki güne çenli Ukrainanyň häkimiýetleri Timoşenkonyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazdygyny ýa-da oňa gödek daraşylýandygyny inkär edip gelipdiler.

Ýöne hökümet tarapyndan bellenen lukmanlar topary şenbe güni Ýuliýa Timoşenkonyň hakykatdanam newrologik oňurga keselinden ejir çekýändigini tassyklady.

Wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Ýuliýa Timoşenko häzirki wagt Harkow şäherindäki türmede ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG