Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Sözçi Annanyň parahatçylyk planyny Siriýa kabul edýär diýýär


BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Kofi Annanyň sözçüsi dawanyň soňuna çykmak üçin Annanyň teklip eden planyny Siriýa hökümetiniň kabul edendigini yglan etdi.

Sözçi Ahmad Fawzi sişenbe güni eden beýanatynda Siriýanyň hökümetiniň BMG-niň ozalky Baş sekretary Kofi Annana onuň planyny kabul edýändigi barada hat ýollandygyny aýtdy.

Annanyň planynda bidüzgünçilikleriň haýdan-haý bes edilmegine, gabalan ýerlere ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegine ýol açylmagyna we hökümet bilen oppozisiýa wekilleriniň dialogyna çagyryş edilýär.

Kofi Annan öz plany boýunça maslahat etmek üçin Moskwa eden saparyndan soň Pekine bardy. Sişenbe güni Annan Pekinde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda şeýle diýdi:

- [Hytaýyň liderleri] meni doly goldaýandyklaryny we alty punktdan durýan planym boýunça meniň we Geňeşiň beýleki agzalary bilen bilelikde işleşmege taýýardyklaryny aýtdylar.

Annanyň teklipleri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary, şol sanda Orsýet we Hytaý tarapyndan kabul edilipdi. Mundan ozal bu iki döwlet Geňeşiň Assadyň režimini ýazgarýan iki rezolýusiýasyna weto goýupdy.

BMG-nyň maglumatyna görä, Siriýada prezident Başar al-Assadyň režimine garşy bir ýyl mundan ozal başlanan protestlerde we bidüzgünçiliklerde häzire çenli 8,000-den gowrak adam heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG