Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende Saud Arabystanynyň diplomaty alnyp gaçyldy


Çarşenbe güni Ýemeniň hökümet resmileri ýurduň Aden şäherinde Saud Arabystanynyň bu ýurtdaky konsulynyň orunbasary Abdullah al-Halidiniň näbelli ýaragly adamlar tarapyndan alnyp gaçylandygyny habar berdiler.

Ýöne onuň kim tarapyndan alnyp gaçylandygy barada edil häzirki wagt anyk maglumat ýok.

Ýemeniň Aden şäheri Al-Kaýda bilen baglanyşygy bolan ýaragly toparlaryň aktiw hereket edýän Abiýan prowinsiýasy bilen serhetleşýär.
XS
SM
MD
LG