Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň kosmos korporasiýasy Aşgabatda gepleşik geçirýär


Çarşenbe güni Hytaýyň “Beýik Hytaý Diwary” atly senagat korporasiýasynyň delegasiýasy Türkmenistanyň birnäçe ministrliginde we edarasynda gepleşikler geçirdi.

Hytaýyň bu korporasiýasy soňky otuz ýyldan gowrak wagt bäri kosmos sputniklerini ýasamak, olary uçurmak we sputnikleri ýerden dolandyryjy kompleksleri gurmak işleri bilen meşgullanýar.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde çarşenbe güni geçirilen duşuşykda telekommunikasiýa we ýokary tehnologiýa pudagyndaky özara hyzmatdaşlyklary ösdürmek meseleleri barada maslahat edildi.

Türkmenistanyň habar çeşmeleri 2014-nji ýylda Hytaýyň raketasynyň kömegi bilen Türkmenistanyň öz ilkinji sputnigini kosmosa çykarmaklygy göz öňünde tutýandygyny habar berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG