Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Amerikan harbysynyň adwokaty döredilýän päsgelçiliklerden zeýrenýär


Owganystanyň Kandagar welaýatynda 17 sany parahat ýaşaýjyny öldürmekde aýyplanýan amerikan seržanty Robert Balesin adwokaty Jon Henri Braun ABŞ-nyň hökümetini öz müşderisiniň goragy üçin zerur bolan maglumatlary we subutnamalary gizlemekde aýyplap, çykyş etdi.

Adwokat Braun, hususan-da, prokuraturanyň geçirilen derňewler baradaky ähli dokumentleri günäkärlenýäniň aklawçylaryndan gizleýändigini we Kandagarda bolan şol wakanyň esasy şaýatlarynyň-da Owganystanyň barmasy kyn uzak raýonlaryna göçürilendiklerini aýdýar.

Şu sebäplere görä, adwokat Braun öz toparynyň hatda Owganystandaky gözli şaýatlar bilen gürrüňdeş bolup bilmändiklerini-de belleýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG