Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýanmar: Suu Kýiniň partiýasy ýeňiş gazandy


Aung San Suu Kýi
Aung San Suu Kýi
Demokratik lider Aung San Suu Kýi Mýanmar üçin “täze döwrüň” başlanandygyny yglan etdi. Onlarça ýyllap dowam eden harbylaryň dolandyrşyndan soň geçirilen ilkinji saýlawlarda onuň partiýasy ýeňiş gazandy.

1991-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny alan, soňky 22 ýylyň ep-esli bölegini tussaglykda geçiren Suu Kýiniň partiýasy ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda parlamentdäki orunlaryň aglabasyny eýelemegi başardy.

“Demokratiýa ugrundaky Milli Liga partiýasy” kanuny taýdan hödürlenen 45 ýeriň 44-ni eýeledi.

Kombodjiýaly gözegçiler goşmaça saýlawlaryň açyk we adalatly geçendigini bellediler.

Suu Kýi saýlawlarda gazanylan ýeňşi dabaralandyryp, “Demokratiýa ugrundaky Milli Liga’ partiýasynyň Ýangondaky baş edarasynyň öňünde çykyş etdi.

“Biz munuň täze döwrüň bir başlangyjy boljakdygyna umyt edýäris” diýip, Aung San Suu Kýi aýtdy. “Indi ýurduň syýasy durmuşynda adaty adamlaryň hyzmatyna uly ähmiýet berler. Mundan beýläk milli ylalaşyk hem çydamlylyk ýoly bilen gitjekdigimize umyt edýärin”.

Suu Kýi saýlaw kampaniýasy wagtynda syrkawlady. Ol özüniň garşydaş partiýalaryny saýlaw düzgünlerini bozmakda, şol sanda öz partiýasynyň plakatlaryny sökmekde hem aýyplady. Ol bolup geçen bidüzgünçilikleriň hasaba alynjakdygyny hem belläp geçdi.

Mýanmarda harbylaryň onlarça ýyl dolandyrşyndan soň, geçen ýyl ýurtda häkimiýet raýat hökümetine geçirilipdi. “Demokratiýa ugrundaky Milli Liga” partiýasy 1990-njy ýylda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanmagy başarsa-da, ol şol wagt harbylar tarapyndan häkimiýete goýberilmändi.

Birleşen Ştatlar bilen Ýewropa Bileleşigi, eger saýlawlar açyk we adalatly geçdi diýlip ykrar edilse, Mýanmara garşy girizilen gadagançylyklaryň ýatyrylyp bilinjekdigini mälim etdi.

Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda ýurtda adam hukuklarynyň gödek bozulmagyna jogap edip, halkara jemgyýetçiligi Mýanmara garşy sanksiýalary girizipdi.

Ekspertleriň pikiriçe, sanksiýalaryň ýatyrylmagy bilen, tebigy resurslara baý ýurda köp mukdarda maýa goýumynyň hem gelmegi mümkin.

Mýanmaryň Hindistan we Hytaý bilen serhet araçägi bar.
XS
SM
MD
LG