Pakistandaky “Laşkar-e-Taiba” atly söweşijiler toparyny esaslandyryjynyň tussag edilmegine ýardam berjek maglumat üçin, ABŞ 10 million dollar möçberinde sylag yglan etdi.
Resmileriň sözlerine görä, Hafiz Mohammad Saeed 2008-nji ýylda Mumbaýda amala aşyrylan hüjümleriň arkasynda durmakda aýypanýar. Hindistanda bolan şol wakada 165 çemesi adam we dokuz söweşiji ölüpdi.
Birleşen Ştatlar “Laşkar-e-Taiba” toparynyň başlygynyň orunbasary Hafiz Abdul Rahman Makki baradaky maglumat üçin hem 2 million dollar sylag belledi.
Aýdylmagyna görä, “Laşkar-e-Taiba” topary 1980-nji ýyllarda Pakistanyň aňtaw gulluklarynyň hemaýaty bilen esaslandyrylypdyr. Bu Kaşmir regionynda Hindistanyň barha güýçlenýän täsirine garşy durmak üçin edilipdir.
“Laşkar-e-Taiba” topary 2002-nji ýylda ABŞ-nyň basyşy bilen bikanun diýlip yglan edildi.

Ей Ынсан! Китай вакцинасынынг тасир етмеги 50% ден хем аз, онгадам хич хили делил йок
1,000 (müň) manat diýýän unuňyzyň bir kilogramy müň manatmy ýa 100 (ýüz) kilogramy? Ýa bir tonnasymy?