Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede 1980-nji ýylda hökümeti agdaran harby lidereler sud edilýär


Türk harbylarynyň öňki ýolbaşçysy general Kenan Ewren (çepde) we öň türk awiasiýasyna ýolbaşçylyk eden Tahsin Şahinkaýa
Türk harbylarynyň öňki ýolbaşçysy general Kenan Ewren (çepde) we öň türk awiasiýasyna ýolbaşçylyk eden Tahsin Şahinkaýa
Çarşenbe güni Ankarada 1980-nji ýylda hökümet agdarylyşygyna gatnaşan iki lidere garşy sud diňlenişigi başlandy. Türk harbylarynyň öňki Baş serkerdebaşysy general Kenan Ewren we öň türk awiasiýasyna ýolbaşçylyk eden Tahsin Şahinkaýa harbylara ýolbaşçylyk edip, 1980-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda häkimiýet agdarylyşygyny amala aşyrmakda aýyplanýar.

1980-nji ýylyň güýzünde amala aşyrylan hökümet agdarylyşygyndan soň, general Ewren 1983-nji ýylda saýlawlara gatnaşyp, prezidentlik wezipesine saýlanypdy. Şol saýlawlara bolsa Türkiýäniň Howpsuzlyk geňeşinde ýurduň harbylary tarapyndan makullanan partiýalar gatnaşyp bilipdiler.

1980-nji ýyldaky hökümet agdarylyşygyndan soň Türkiýede 5 adam ölüm jezasyna höküm edilipdi, 500 müň adam tussag edilip, olardan ýüzlerçesi türmede heläk bolupdy. Türkiýäni üç ýyl harbylaryň dolandyran döwründe ýene-de ýüzlerçe adam dereksiz ýitipdi.

1983-1989-njy ýyllar aralygynda ýurda ýolbaşçylyk eden 94 ýaşly Kenan Ewren we 87 ýaşly Tahsin Şahinkaýa saglyk ýagdaýlarynyň ýaramazlygy sebäpli 4-nji aprelde geçirilen sud diňlenişigine gatnaşmadylar.

Olar günäli tapylan halatynda ikisine hem ömürlik iş kesilmegi mümkin. Emma saglyk ýagdaýy sebäpli olaryň jezasynyň ýerine ýetirlip-ýetirilmejegi entek belli däl.

Çarşenbe güni ýüzlerçe adam Ankarada suduň binasynyň öňünde demonstrasiýa geçirdi.

Türkiýäniň öňki prezidentine garşy geçirilýän bu sud diňlenişigi Rejep Taýýip Erdoganyň häkimiýetini agdarmaga synanyşmakda aýyplanýanlara garşy geçirilýän sud prosesine gabat geldi. Bu prosesde ýüzlerçe harby ofiserler, şol sanda pensiýadaky harbylar we beýleki raýatlar yslamçy “Adalat we Galkynyş” partiýasy tarapyndan dolandyrylýan hökümeti agdarmaga synanyşanlykda aýyplanýarlar.

Onlarça ýyllaryň dowamynda harbylar 1923-nji ýylda Mustafa Kemal tarapyndan düýbi tutulan respublikanyň dünýewi düzgüniniň sakçysy hasaplanyp geldiler. Türk generallary Türkiýäniň taryhynda ýurduň dünýewiligine howp salyp biler diýlip hasaplan üç hökümeti agdardylar. Bu hökümet agdarylyşyklary 1960, 1971 hem 1980-nji ýyllarda amala aşyryldy. 1997-nji ýylda bolsa harbylar Türkiýäni dolandyran ilkinji yslamçy hökümeti häkimiýet başyndan çetleşmäge mejbur etdiler.

Sud prosesinde harbylar 1980-nji ýylda ýerlikli hereket edenliklerini aýdýarlar. Olar 1980-nji ýylda Türkiýäniň köçelerinde çepçiler bilen sagçylsaryň arasynda emele gelip biläýjek çaknyşyklaryň öňüni almak maksady bilen hereket edenliklerini öňe sürýärler.

Türk harbylary şol döwürde, 1979-njy ýylda Eýranda Yslam rewolýusiýasy bolup geçensoň, öz ýurtlaryna hem yslamçylaryň täsiriniň artmagyndan howatyrlanandyklaryny aýdýarlar.

Ýakynda Türkiýäniň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeleriň netijesinde öňki prezident eldegrilmezlik statusyndan mahrum edilensoň, Kenan Ewrene garşy sud prosesi başlandy.

Erdoganyň tankytçylary onuň ýurtda yslam ýörelgelerini ornaşdyrmaga synanyşýandygyny aýdýarlar. Olar Türkiýäniň premýer-ministriniň hut şunuň üçin ýurduň adalat sistemasynda reformalary geçirip hem Konstitusiýa üýtgetmeleri girizip, harbylaryň ýurduň syýasy durmuşyna täsirini azaltmaga synanyşýandygyny öňe sürýärler.

Türkiýäniň premýer-ministri bu aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG