Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň energetika we senagat ministrini belledi


Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Myrat Artykowy Türkmenistanyň energetika we senagat ministri wezipesine bellemek barada permana gol çekipdir.

Mundan ozal Myrat Artykow bu ministrligiň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesini eýeläpdi.

Energetika we Senagat ministrliginiň ozalky ýolbaşçysy Ýarmuhammet Orazgulyýew ýokary derejeli çinownikleriň çagalarynyň çynlakaý ýol hadysasyna sebäp bolandyklary bilen baglylykda geçen anna güni wezipesinden boşadylypdy.
XS
SM
MD
LG