Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýada prezidentlik üçin saýlawlaryň agitasiýasy tamamlandy


Anna güni Fransiýada ýekşenbe güni boljak prezidentlik saýlawlarynyň birinji tapgyry bilen bagly ahyrky kampaniýalar geçirildi. Ýurduň kanunyna görä, şenbe güni nähilidir bir saýlaw kampaniýasyny geçirmek gadagan.

Fransiýanyň häzirki prezidenti Nikolas Sarkozi saýlawlaryň öňýanyndaky ahyrky kampaniýasyny Nise şäherinde geçirdi. Onuň esasy garşydaşy, sosialistleriň dalaşgari Fransua Olland öz tarapdarlaryny penşenbe güni Bordo şäherine ýygnady.

Fransiýanyň prezidentligi üçin 10 dalaşgär bäsleşer. Ýurtda geçirilen jemgyýetçilik pikir soraýyşlygy esasy bäsleşigiň 5 dalaşgäriň arasynda boljakdygyny görkezýär.
XS
SM
MD
LG