Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

K.Annan Siriýadaky howpsuzlyk ýagdaýynyň “gözgynydygyny” aýdýar


Çarşenbe güni BMG-niň we Arap Ligasnynyň Siriýa boýynça wekili Kofi Annan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçiren brifinginde Siriýadaky howpsuzlyk ýagdaýyna “gözgyny” diýip baha berdi we onuň “kabul ederliksizdigini” aýtdy.

K.Annan Hama şäherinde hökümet güýçleriniň awtomat ýaraglaryny ulanyp, birnäçe adamy öldürendikleri barada habar alnandygyny-da mälim etdi.

Kofi Annan Siriýa hökümetini parahatçylyk barada alty punkdan ybarat planyny gyssagly durmuşa geçirmeklige çagyrdy. Ol 12-nji aprelde güýje giren ok atmaklygy bes etmek baradaky karara Damaskyň we oppozisiýanyň hormat goýmalydyklaryny nygtady.

Bu brifingiň barşynda ABŞ-nyň ilçisi Suzan Raýs Siriýa synçylary ýerleşdirmekde Siriýanyň çäklendirmeleri öňe sürýändigini aýtdy

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG